Konslager hakykaty
Il içinde sylaglydy barysy,
ady bardy ýazyjylar, şahyrlar,
eginleri ak köýnekli, penjekli,
biziň üçin halypady barysy,
bilmeýärdik çynlaryny, ýalanyn,
gabat gelip tankytçynyň ýasynda,
bir stoldan duzly hyýar ogurlap,
beýlekiden towuk-sowuk, ýeralma,
gel diýdiler, bardym, gyssady biri:
Bol, eliňi sal-a diýip jübiňe,
düýn gazetde goşgyň bardy, okadym,
eliň ýeňil, bäş manadyň gysganma,
ýene-de ýazarsyň, gazanarsyň sen,
indiki aý gonoraryň alarsyň,
soň gülersiň gürrüň berip ýaşlara,
agalaryň sylan adam bolarsyň...
Ozal imperiýa, basyp alyja,
partbiletin alyp, gullukçy bolan,
indi aralykda ugrun ýitirp,
bütin ömri, işi çykansoň ýalan,
olar täze çopan dogurjak boldy,
it boldular möjek diýlen ýaşlara,
hökümet küşgürse, alajyň näme,
diýdi biri baryp soramda göni,
sylag, serpaý, kürsi gerek her kime,
käşgä aman galsa baýrajyk alan...
Il içinde sylaglydyr öýderdim,
kitaplary bardy bäşden, altydan,
gaty aşak eken diýsem birisi,
daş obada güldi, unut olary,
konslager hakykaty, açlykda
bary özün gum-kirşene atdylar,
olar çyny çalyşdylar töhmete,
bir ili däl, öz-özlerin satdylar.