Ynanylmaýan döwlet

O döwletde o döwlete
ynanýan ýok ýekeje-de,
başlygyndan iň aşaga,
aýagyndan dyrnaga çen,
üýtemedik bolsa akly,
sürüjiler başlyk çekýän,
ýa beýleki, eýlekiler,
gülýär agşam öýe gelip,
soň aglaýar käbirisi,
ýeke galsa, utanjyndan,
düşünýäni aga, gara,
o döwletde o döwlete
guwanýan ýok ýekeje-de,
ýuwaş-ýuwaş, günbe-günden,
hemme bilýär, sypdyrjak däl,
aljak ahyr düşen ýara.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025