Dereje derdi
Seniň puluň gerek, malyň gerekdir,
kitaplaryň gerek däldir nadana,
ýa ulanjak, zyňjak gerek bolmasaň,
dogan bolsun, dostuň bolsun, göreşiň
görüp ýören ýaly ýakyndan, daşdan,
bilmez mahluk näme ýazdyň, ýazmadyň,
nämä ýandyň, özi nämä ymtylsa,
derejesi näme bolsa adamyň,
ýa ýüregi, beýnisinden garaşsyz,
okanyna, dokanyna seretme,
pes boldukça beýik saýar özüni,
hemem hemme özi ýaly görüner,
ýa görüner özünden pes, aşakda,
pikir etme, peýdasy bor kitabyň,
kinolaryň, bolan güýmenje diňe,
sen wagtyny öldürip ber milletiň,
pal atyp ber, ýa ýorup ber her düýşün,
duşman gerek däldir dargan ulusa,
onuň özi özün ýok eder üýşüp.