Mekdepde aýdylmadyk zat
Adamyň paýhasy, akyl, düşünje,
goý, ol ilde, goý, bu ilde açylsyn,
ýazylsyn ol daga, daşa, kesege,
ýa-da düşsün kitap bolup eliňe,
sypdyrma, al, hemmä degişli mantyk,
gerekli ol ähli iki aýakla,
dört aýakla, seret ähli jandara,
duýgy gerek, daýanç gerek durmaga,
taýyn bolup urulmankaň urmaga,
tabyn bolman, ýa ýal bolman öňýeten,
ýa ýaltanman agzyn açan gurbaga...
Bilmeli biz bilinmeýän kän zady,
mysal üçin, adam iýýär adamy,
diňe başga birlerin däl, özüni,
ýüzüni, gözlerin goýmaýar hatda,
aýtmasa-da muny mekdepde biri,
öwrenmeli, wagtymyz az, ýol uzak,
a ýük ýetik eginde däl, kellede,
ýöne kelle döwüp, ýadaýarys biz,
bor-bolgusyz gep-gürrüňi çykarman,
kowup bilmän köwsar urýan beýnide,
köne suwa, öňem ýüz, müň girilen,
şol bir suwa girip, çykýarys gury,
hem gury däl, gara läbik üstümiz,
gerekmejek ertekini gaýtalap,
gahar edip gep-gybata bolgusyz,
eleýäris öz-özümiz şol köne,
ownuk gözli eleklerde ýadaman,
seljerýäris seljermesiz zatlary,
gowular däl, ownuk-uşak bir topar,
otyr, ýatda ählisiniň atlary,
agram salym bagyr bilen ýürege,
jogap berip berilmedik soraga,
düýn, öňňuna, on ýyl yza dolanyp,
özümizi horlaýarys biderek,
ümsüm geçip gidenleri, dymany,
açyk kitap ýaly okajak bolup,
açjak bolup düwünçegin kesekiň,
näme üçin o birisi, beýleki
maňa beýle diýdi, seretdi eýle,
was-was bolup, kim bilmeýär, jibrinip,
dogulmadyk güni edýäris öýle...