Köne pähim
Tötänlik ýok bu dünýede,
gelýär bar zat başyňdaky
beýniňdäki pikirlerden,
gelýär olar yz-yzyna,
ilki ünji, hünji bolup,
soňra monjuk ýaly boýna
dakylýarlar, oýlanýarsyň,
ertiri ýok, agşamy ýok,
şonuň üçin seret gowy
pikiriňe edýän mydam,
olar ertir söz bolarlar,
seret gowy gepiňe sen,
gürrüňleriň uzaltma kän,
hereket bor ertir olar,
seret gowy gymyldyňa,
hereketiň bereketdir,
endik bolar ertir olar,
seret gowy endigiňe,
gylyk bolar ertir olar,
seret gowy gylygyňa,
kysmat bolar ertir, diýme
aýtmadylar gar ýagjagyn,
gyş gyş bolar, ýeňil geýme.