Inçe ýol
Akyl, paýhas ýoly inçe,
alyp gitmek üçin ili,
azaşdyrman, sowman çepe,
giň bolmaly gözýetimiň,
gepe däl-de, üme düşýän,
çuň bolmaly aň, üşügiň,
aldan bolman özüň ilki,
soňra ili, öňe diýip,
yza çekmän, itmän gorpa,
çykmak üçin batgalykdan
işlemeli köp ýazyjy,
köp kinoçy, şahyr, bagşy,
suratçylar, heýkeltaraş,
žurnalistler, ýalana däl,
gulluk edip çyna diňe,
bir-biregi iýmeli däl,
öňem azlyk bolup galan,
çüprän ile haýpyň gelse,
aýamaly bir-biregi,
bu ne boluş, millet, oýan,
kimi görseň, oňa gargap,
muňa gargap, ýere sokýar,
biz nireden nirä geldik,
ýa bu ýagdaý kime ýakýar,
kime gowy bu goh, gowga,
bu garyplyk, ezileni
ezmek beter, çagalaryn
duşman edip bir-birine,
millet, daýan, çökme beýle,
haýpyň gelsin öz-özüňe,
haýpyň gelsin öz gözüňe,
öz sözüňe haýpyň gelsin,
gaýtalama agza almaz,
ysy gitmez nutugyňy,
ýa-da şindem azmy, sana
ezýänleriň utugyny...