Gabra giden zäher

Goltugymda ýylan sakladym diýip,
pahyr gaty gynanypdy gitmänkä,
babadaşy dependen soň biline,
üsti-başyn kakyp, galdyrdyk ýerden,
köşeşdirdik, kast edenler pes bolar,
sen esasy hyzmat etdiň iliňe,
monça boldy, melhem bolup ýagşy söz,
ýöne soň öz gürrüňni etdiler,
her kimiň öz jaýy düşýär paýyna,
durşy bilen zäher eken, köp ýyllap,
çakmak üçin garaşypdyr maýyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025