Artyk gürrüň
Bilipmi ýa bilmän asla,
bular biziň saýlanymyz,
ses bereli, bermäli ýa,
sypaýyja bolup ýalan,
bolup ýalan akyllyja,
edenlije, öz günümiz
gowy geçse, razy biz,
aklaýarys özümizi,
uruşlary, talaňlary,
gyrgynlary, biz nädeli,
alajymyz näme diýip,
o birleri öldürilse,
bu birleri ýaralansa,
ýesir bolsa öz ýurdunda,
diýýäs biziň çärämiz ýok,
daş boljak dek daşda olar
diýip galsak öýden çykman,
emma bir gün özümize
degse taýak agyry ne,
azar näme bu dünýede,
azap näme düşünýäris,
ölüm näme ölümden öň,
zulum näme hakykatda,
bular biziň saýlanymyz,
gürrüň etmek artyk hatda.