Adam ýitgisi

Karl Saganyň äheňinde

Hudaý görýär, bilýär diýip,
wagyz etseň adam gorkar,
ýa üýşener azda-kände,
diňlär diýseň çaga ýaly,
garagolluk etmez gaýdyp,
şahalaryn döwmez münüp,
goňşyň barly baglarynyň,
ýa ulalyp, okap, ösüp,
wezipeli bolan adam,
ýaşaýyşyň eden-etdi
tagamyny alan adam,
açyp dini kitaplary,
dowzah diýseň, azabyndan
gorkar öýdüp umyt etseň,
ömrüň geçer ham-hyýalda,
tapmak kyn bor özüň ýitseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025