Halk soragy
Döwlen millet, aýnasy dek penjiräň,
gyjyrdaýar jäçler aýak astynda,
aşak baksaň, her gyçakda özüňi,
ýa gözüňi görýäň, soragdan doly,
döwen döwlet tans etdirýär açlara,
giň meýdana ýazyp ullakan haly...
Bir, iki däl döwlen öýler, işikler,
hudaý bolup oýnaýarka azan han,
şa mülklerin öý edindi eşekler,
maslahat zallary ulalyp, giňäp,
guruldukça gurluşyklar, geňeşe,
gürleşere adam galmady, diňe
baş atmaly, ýylgyrmaly aç garna,
hä diýmeli gülmän diýseler öňe...
Diýýänler bar geldik agyr nokada,
ar nokady, öç nokady, belkide,
ýa saklaýar bizi körlük nokady,
gözümiz gapyldy, gulagymyz ker,
ýöne içimizde biri, ikisi
göjek atýar, pys geçenok, bilmeli,
biri diýýär o daş atýar öňürti,
beýlekisi diýýär o däl, bu zyňýar,
üçünjisi diýýär içden gözlemäň,
duşmayňyz daşardaky açgözler,
ýeriňize, malyňyza göz diken,
sizi duşman edip birek-birege,
dördünjisi diýýär bag ekjek diýip,
ýa-da Allaň uly jaýyn köpeldip,
jübüleriň doly, ogurlyk etseň,
uçar menzillerin gursaň, uçurman,
gaçyrman saklasaň gaçjak milleti,
daşky duşman gerekmikä saňa, han,
ýa gerekmi başga ýigrenç güllesi,
halka garşy agyr ýarag bolsa nan?..