Artyk minnet
Sen ol iliň çagasyna aglama,
agysyny aglama sen milletiň,
tire-taýpa bolup oýnaýan aşyk,
ezijiniň tarapynda durýarka,
dilinde däl, işi bilen, elbetde,
tutýarka oň arkasyny meýletin,
ýa mejbury, gorkusyndan, galdyrap,
goldaýarka zalymlary, göreşmän,
ýa sögýärkä biri seniň yzyňdan,
ýa ikisi, ýa dördüsi, düşünmän,
ýa-da bahyl, adyň çyksa, çydaman,
gargaýarka dogan, gardaş, kärdeşiň,
düşünjeli ýazyjylar, şahyrlar,
bolşewikden galan kesbin, kelamyn,
haka, hakykata goýulýan garşy,
aýamasa senden içerde, daşda,
gaty görme, bu durmuşyň kadasy,
işin edýär, günäsi ýok adamyň,
sen ol iliň çagasyna aglama,
okamady, ýa okady, ýaş gitdi,
näme boldy, ýa bolmady, bilmersiň,
agysyny aglama sen milletiň,
ýa aglasaň, agla kesmän sesiňi,
ýöne ýygna, aňryňda goý minnetiň.