Ýol goşgusy
O birini azat eden
beýlekini eder bendi,
türmä salar elin daňyp,
gandal urup aýagyna,
o birlerin eden batyr
bu birlerin eder gorkak,
kanagatly, garaşýan täk,
bu durmuşyň oýny, ony
bir galyba salan bolmaz,
salan ýaly eder ýogsa,
o birisi urar seni,
ýok etjek bor elden gelse,
gara çaljak iň bolmanda,
duran gury agaç ýaly,
odun etjek bolar seni,
bu birisi gorar, belki,
saýa salar diýip ertir,
nahal wagtyň has kiçijik,
bilip, bilmän, päli düzüw,
ýa ulanjak bolup özi,
iýjek bolup miweleriň,
ýa basgançak, tekje edip,
bu ýol diňe öwreniler,
daş, kesegin aýryp, gidip.