Uruşly kino

Oglandyk, Tejende sorardyk baryp,
obamyza kino gelse adyny,
uruşlymy ýa uruşsyz, esasy
gyzyllar ýeňýärmi, Çary kinoçy
uruşly diýerdi, hezildi dünýä,
soň düşündik uruş näme, syýasy
gömüklik ne, ýa-da nirede günä...

Sen žurnalist, sen ýazyjy, sen şahyr,
gazet, žurnal, mediany ulanyp,
aýlyk alýaň gün aýlara ýeterlik,
kadalaşdyr urşy diýse hökümet,
sorag bermän bor-bolgusyz, oňaýsyz,
il-ulusyň ogullary ýogalsa,
basyp alyp goňşy halkyň topragyn,
başyn goýdy diýip watany üçin,
çaga-çuga, aýal-ebtat, garrrylar,
gara günde galsa, şaý-sepinn ýygnap,
urşa kömek, goldaw diýip iberse,
kadalaşdyr diýse agyr zähmetin
tylda işlän adamlaryň aç, suwsuz,
kadalaşdyr diýse gyrgynçylygy,
o bir ile baryp etse döwletiň,
zorluk etse, sütem etse ejize,
o birleri goran bolsa ýurduny,
çagalarym azat ýaşasyn diýip,
ýä ýesiri bolsa uruş-gowganyň,
aralykda galyp, çäresiz bolup,
kimmişin ol diýip bize goşulman,
ýa kimmişin aýdym aýdyp erkana,
ýa bitarap goşgy, hekaýa ýazyp,
aýtjaklaryn aýdyp, diýjegin diýip,
gedem diýse oňa, muňa hökümet,
dur diýse sen garşysyna olaryň,
kadalaşdyr diýse, taşlasak türmä,
urlanlary ur ýene-de, sen şahyr,
sen žurnalist, aýlyk alýaň ýeterlik,
çagalaryň okap, bilimli adam,
düşünjeli adam bolup ýetişýär,
saňa başga näme gerek diýseler,
ýa-da olar özün gorap, ýeňilmän,
ertir gelip, diýse nätjek iýseler,
seniň bagyň miwelerin däl diňe,
gul etseler uly, kiçi sylaman,
bilýärsiň-ä taryhy sen, adamy
nädip bolýar gola düşse, kim bol sen,
ýeke galsaň, eşitjek ýok dadyňy...

Sen žurnalist, kadalaşdyr diýseler,
bu kadadan çykma, diýmän dogry däl,
diýseler sen sylag, serpaý alarsyň,
ýa kimiň bar saňa diýjek ogry däl,
ýa eýle däl, ýa beýle däl, agyzdan
näme çykmaz, kötek güýçli bolanda,
sen ýazyjy, şahyr bolman bilersiň,
birazajyk adam bolsaň, ýalandan
goranasyň geler, bolsa-da hatar,
o ýerde bir güýçli bardyr, bu ýerde
batyr bardyr, o tarapa top atar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025