Oba ýatlamasy

Kän ýyl boldy çykanyma obadan,
emma oba menden çykyp gitmedi,
galdy bile, pirim kädä gabady...

Kitapçysy bardy Tejeniň gowy,
gowy diýýän, başgasyny görmändik,
kakam gitse, sowulmasa bolmazdy,
garaşardyk, täze kitap getirse,
elden goýman, ilki okajak bolup,
kitap azdy, gytdy okar ýaly zat,
türkmençedi ýeke bilýän dilimiz,
şahyr ýa-da ýazyjylar diýilse,
hemmesini okan, alym saýardyk,
bilmezdik, hiç eşitmändik senzura,
gandal hakda urlan pikir-düşünjä,
türme hakda uly gulpsuz, gapysyz,
gaty gören tirkelenin eşege,
düýe hakda goşgy ýazyp bir şahyr,
beýlekisi ýazyp gaplaň hakynda,
demir kapasada aglaýan sessiz,
bir zatlary aýtjak bolýardy bize,
duýdurjak bolýardy gowulyk ýogun,
ýok, bu düýäň kyssasy däl, elbetde,
gussasy däl bu gaplaňyň, bilýäris,
ýylgyrardy kakam pahyr, mugallym,
gyrgyn näme, sürgün näme, mekdepde
aýdylmazdy, goşun çekip başganyň
ýerin, ýurdun, malyn almak hakynda,
gömüp guýularyn, zäherläp ýa-da,
öz bagtyňy gurmak näme gan bilen,
ýeňiş näme, ýeňliş näme, bilmezdik,
baý, mollalar, basmaçylar erbetdi,
bolşewikler, Lenin gowy adamdy,
iň aýylganç talaň näme, bilmezdik,
beýni näme, içi ýalandan doly,
çyn söz ýokdy, aýdylmazdy kitapda,
bir tarapdan kolhoz işi gyssasa,
öýde mallar ota, suwa garaşyp,
ýataklaryn artyp, bakmaly gowy,
towuklara iým bermeli wagtynda,
gözden salman, seretmeli mellege,
ýadaýardyk, doganoglan, çykanlar,
şäherli daýzamyz gülerdi barsak,
gezelenje kitabymyz goltuklap,
kä gijeler düýşde dolanýan yza,
tapjak bolýan özüm ýokardan jyklap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025