Sen kim?
Basyp alýan halas eder,
seni, belki, öň-özüňden,
halas etdim diýer soňra,
gaýta-gaýta, walla, ýogsa
gutarýardyň diýer özüň,
bilmän näme sylag-hormat,
men-menlikden ýumup gözüň,
görmän ili, tire-taýpa,
bir-biregi iýerdiňiz,
ertä goýman bis gelmesek,
ynanarsyň, alajyň ýok,
okap beren kitaplaryn,
soň başyňy goýup, onuň
uruşlaryn dowam edip,
basyp alyp başgalary,
halas etdim diýersiň sen,
adam bolsaň adam bolman,
kim özüňden ejiz bolsa,
ýa pes bolsa ýaraglary,
ýa niýeti gowy bolsa,
malyn, mülkün, ýerin alyp,
özün edip gul-gyrnagyň,
adam baryn iýersiň sen,
soň diýersiň men medeni,
olar wagşy, bular wagşy,
bolýar, dowam etdir işiň,
ýöne kim sen, bilseň ýagşy.