Döredijilik mafiýasy

Ýazyjylar mafiýasy,
kim ýa näme, hemmä aýan,
şahyrjyklar, el çarpylýan
goşgy ýazýan, ýadamaýan,
bogýar üýşüp başga biri
geljek bolsa, aljak bolsa
öz ornuny, ýumruk düwüp,
diýýär bary bolmaz, başla,
döwüp däl-de, ilki öwüp!

Bet bagşylar mafiýasy,
sesi ýagşy, has owadan,
ýa owazly, owazy ýok,
emma ýetik hyrydary,
arak berýän, neşe berýän,
çäç, harpygy bilmez ilde,
olar bir däl, iki däl, kän,
urýar gaty aşak bilden.

Diýýär olar pikir etme,
okama köp gazet-žurnal,
bor-bolgusyz kitaplary,
erbet bolar köp okasaň,
şükür et-de otur diňe,
soň diýýärler el-aýagy
daňlan ile diňe öňe,
sorag berme, sorag - duşman,
güman aýrar imanyňdan,
ölen öldi, galan - puşman,
gaýgy edýär soňun, Alla,
diýip bizi mundan beter
agyr, gara güne salma!?.

Bary özün uly saýýan,
bary özün saýýan möhüm,
belki, möhüm adamlardyr,
kinniwanja edip ili,
gürrüň eder hoňňy-hoňňy,
özün aklar, günäsi ýok,
il bu güne düşýän bolsa,
diýer özi günäkärdir,
saçak başy maslahatda
bary beýik, taýsyz ärdir.

Az ýaly öň eden kasty,
olar ýurduň geljegini,
ýagtylygy, ýaş oglanda,
ýaş gyzlarda dogjak Aýy,
güneşleri ýüp, agaçsyz,
halta salyp, dardan asdy...

Žurnalistler mafiýasy,
kinoçylar mafiýasy,
mafiýasy artistleriň,
heýkeltaraş ýa beýleki,
alymlaryň mafiýasy,
bogýan gelse biri başga,
üýşüp kowar daşlap ony,
oýna diýer, oglan, daşda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025