Süri çyrmaşygy

Süri seni çeker yza, goýbermez,
süri seni basar aşak, galdyrmaz,
sen nä ilden akyllymy, artykmy,
ýa gerekmi iliňkiden üýtgeşik,
has owadan durmuş, köşgi-eýwanly,
köçede däl, jaý beripdir hökümet,
maşynyň bar, ýagy bilen alypsyň,
il içinde tanalýarsyň, adyň bar,
iki gezek ýykylypsyň, galypsyň,
otur aşak, göze-başa düşme-de,
galan ömrüň geçirjek bol asuda,
akyl berer süri, almaly hökman,
bu bu gün däl, öňden, gadymdan kada.

Soňra kada, öňe çykan ýykylsa,
hä boldy-da diýip, gülerler olar,
sen gülmeseň, bildirersiň içiňi,
gülseň ýüzüň ýanar iki gat hamy,
biler süri ýagdaýyňy, käýiner,
diýer saňa bilmän geçdiň durmuşy,
sen kim bolduň, näme geler eliňden,
nädip tapjak başga, gowy gurluşy?..

Sen diýersiň garyplygy halamok,
halamok men ogurlygy, başymy
aşak salyp ýaşajak däl, dik tutjak,
diýer olar kim halaýar bu güni,
ýöne kaýyl gara günde galmaga,
özüçe ýok ogry-jümrä ýaýaplap,
sebäbi kyn gara başyň galdyrmak,
soň dik durmak, emedekläp ýaşaman,
seretmeli göni öňe, yza däl,
gapdala däl, gözüň gaçyryp, gizläp,
gelmeli sen gelmeliniň ýüzüne,
aýtmaly sen aýdylmaly zatlary,
aýdýanlary ýeke goýman, taşlaman,
diýmeli sen diýilmeli sözleri,
diýýänleri ýeke goýman, başlaman,
garaşyp bilersiň bolmasa başga,
bir, ýekeje adam başyn galdyrýan,
süri bu gürrüň halamaz, dymar,
ýöne tapsa sanaşmajak adamy,
ýa-da çekjek bolsa deňine aşak,
gygyrmasyz adamlara gygyrar,
ýüzün alar, ýa çylkasyz söz atar,
süri mydam öz içine çagyrar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025