Alynmadyk akyl

Seniň halkyň diýse çekil, barma, daş dur çagasyna,
ýa saýýarka syýasaty gara gazan, ýanaşmasyz,
ýa diýýärkä saňa ýaman, ýara saljak golaýlana,
ýa-da sen däl baş mesele, özi bolsa her çaganyň,
garyp doglan, garyp galan, kaýyl bolan gara güne,
okamadyk, okamajak, düşünmejek okanyna,
bary bilen bazar eýle, bereni bor Allaň diýip,
sabyr edýän, şükür edýän, ýa-da diýýän dogry meňki,
goý, başgalar etsin agyr, howply işi, men galaýyn,
bu dünýede bolmasa hiç, o dünýede paý alaýyn,
zorluk bilen alyp bolmaz, dogany bor Günüň, Aýyň,
asmanymyz arassa, bes, taýy ýokdur çörek, çaýyň,
ýa-da diýse emel ýeten hudaý berýär, nesip etsin,
halal maňa iliň maly, öý, ulagy, ar-namysy,
gördüň, bildiň, ýalňyş diýip, çeken jezaň ýeter, oglan,
sen ol halka yhlas edip, gol uzadyp bolma asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025