Aňsat göreş
Adam pahyr, gürlemeli,
agyz berlen bolsa, dili
dek durmasa, köşeşjek dek,
düşüşjek dek, aladasy,
gaýgylary dargap ýele,
soň ynjalar, belki, biraz,
aýdan ýaly aýdylmaly,
diýilmeli sözi gorkman,
dymýan wagty başgalaryň,
ýöne bilip bilmeýär ol
barmy aýdar ýaly sözi,
ýa gürrüňi eder ýaly,
ýa boş atýan oky kileň,
bilip, dogry, düşünmän däl,
ýöne şeýtse günäsini,
aýyplaryn ýapýan ýaly,
aklaýan dek özün, ili
öz-özüni ýok edýärkä,
bolup onuň bir bölegi,
çäresizler çäresinde
janly diwar bolmasa-da,
diňe sesi bar pahyryň,
kinesini aýdyp bilýär,
çykýan many ol asy däl,
beýlekiler asy diňe,
ýa ýazyjy, gerek dälkä,
ýazan bolýar, bozan bolýar,
ýa žurnalist, zat etmeýär,
işlemeýär ýüreginden,
näme diýseň bolmaz günüň
geçip dursa hoş sürgünde...
Ýapjak bolup açyk ýerin,
açýanyny bilse käşgä,
gelýän ýaly, gaçar emma,
men kim diýip gülse käşgä.