Ses meselesi
Sessizleriň sesi bolsaň,
ýa isleseň, ýaşlyk edip,
aýdyp-diýmek hukugyňy,
sesli süri bagyşlamaz,
çozar sessiz çar tarapdan,
sesli çozar gulak gapyp,
soňun saýman, ynam edip,
arkasyna, durumyna,
sessiz millet diýer saňa
‘ýalňyşmaly däldiň, oglan,
uly klas uly bolar,
ýok ederler seni olar’...
Sessizleriň sesi bolsaň,
bagyşlamaz sessiz süri,
haky iýlen ýüz ýetmiş ýyl,
atasynyň, enesiniň,
ejesiniň, kakasynyň,
hem özüniň günün bilýän,
gören ähli görmelini,
görmesizi gören millet,
turmaz, durmaz arkaňda seň,
diýer olar güýçli ahyr,
bolupsyň-da bolsaň şahyr,
Kerim ýaly bolmaly-da,
gülüp hakyň almaly-da,
deputatam ederdiler,
ornuň bordy ýygnaklarda,
sessizleriň sesi bolsaň,
urlan günüň agzyňa sen
sessiz iliň şahyryndan,
žurnalistden tama etme,
gaçar olar ilden ozal,
soňra töhmet atar saňa,
bular saňa bolar gazal.