Adam derejesi

Türkmenistan hehe-hedi,
wähe-hedi Türkmenbaşy,
nirä barsak, türkmen diýsek,
gülerdiler, utanardyk,
soň ikinji, sapançaly,
tigir sürüp ýüzümizi
ýere saldy, hehe-hehe,
gahar gömdi gözümizi,
aýdyp bilmän sözümizi,
dile gelen, gysdyk dişi,
bizmi diýip dünýäň işi?..

Asman çöküp üstümizden,
daralýardy dünýe günde,
ýatsak, tursak gaýgy edip,
aşak çekip agyr künde,
näme boldy bize diýip,
gark bolýardyk ýyllap suwsuz,
o satirik, bu žurnalist,
milletçi ýa jynsparaz,
ýigrenç satýan daşyn dolap,
düşünmeýän ýaly başga,
ýa ýok ýaly üşügi hiç,
çommaldýardy barmagyny,
hehe-hedi Türkmenistan,
goşgy ýazýan Türkmenbaşy,
gaýgy däldi ýat, kesekä
ezileniň gözde ýaşy.

Emma dünýä giň ekeni,
öňde eken görüljegi,
bolşewikden gelýän urşuň,
ýa has ozal adat bolan,
gün güýçliňki diýilýäni,
has beter han çykdy orta,
topun alyp, tankyn süýräp,
raketa atyp goňşyň
çagalaryn, aýallaryn,
erkeklerin urdy, gyrdy,
ýok, bu täze oýun däldi,
gaty köne, öňden bardy...

Türkmenistan hehe-hedi,
hawa, dogry, utanýarys,
il çydaýar, gözi gorkan,
gara bolsa, düzet diýseň,
akja edýär maşynyny,
bergä batyp, çagasy aç,
aýdym aýdýar bagşylary,
bagtyýar biz, ýok hiç gallaç,
ýöne, meger bizden beter
utanmaly iller-de bar,
ýurtlar-da bar, has ulumyş,
has ösenmiş, ýazyjysy,
şahyrlary dana, görsek
gan ekeni gözi, sözi,
ýok ekeni utanç, haýa,
güýçli bolsaň, näme etseň,
atsaň, ýyksaň bolýan eken,
hehe-he däl, wah-wah, adam,
halyň harap galýan eken...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025