
Men özümi aýamaly
Bagyşla, doganym, dostum,
men özümi goramaly,
aýamaly ýüregimi,
aýamaly beýnimi men,
aýamaly ellerimi,
aýaklarym aýamaly,
ýüz-gözümi goramaly,
gyşarmasyn, çaşarmasyn,
duşmanlarym, bagyşlaň siz,
öňki ýaly kän wagtym ýok,
berer ýaly hyşy-wyşa,
aýdyşy dek bir şahyryň,
sanaýaryn köpüklerim,
hazynadan galan gyşa,
döwletimi goramaly,
goramaly özümi men,
goramaly ýüzümi men,
goramaly gözümi men,
gara äýnek dakyp indi,
ýagtylyga çyksam açyk,
goramaly sözlerimi,
seçip ýörmän nogul ýaly,
kim düşünjek, düşünmejek,
düşüniň siz, goýuň meni,
unudyň siz, öňki eden
ýalňyşlarym ýeter, besdir,
gördüm, iki sözüm mydam
artyk boldy, birisi az,
bir ýarymyn gözlemäge,
kösenmäge höwesim ýok,
islegim ýok indi artyk,
belki, asy, ýazykly men,
gürrüň ediň, gybat ediň,
men özümi aýamaly,
aýamaly ýüregimi,
wagtym çäkli üstesine,
siziňki kän, çäksiz bolsa,
dowam ediň, kes sesiňi,
ýa gapylyň diýmerin men,
ýüzün aldym, wah-eý diýip,
soň özümi iýmerin men.