Surat

Eger adam bilmesedi

People don't realize how hard it is to speak the truth, to a world full of people that don't realize they're living a lie. E. S.

Adamlar bilmeýär diýmek bolarmy,
kyndygyny hakykaty aýtmagyň,
kän bolansoň çakdanşa dünýäde
bilmeýäniň bilmeýänin kän zady,
iň esasy ýalan ýaşap geçýänin,
hakyky däl, ýalan şerap içýänin,
ýa-da ýalan bolan bütin durmuşy,
bu dogrumy ýa-da biraz başgaça,
adamlar bilmeýär diýmek bolarmy,
kyndygyny çyn sözüňi aýtmagyň,
göni garap adamlaryň ýüzüne,
otdan yssy diýlen ýüze, dogrusy,
gypynç etmän öz ynanýan zadyňy,
ýa bilýäniň, bolman özüň ogrusy,
ýa kast eden dogry söze birleşip,
bilýär muny has aňyrdan, gümansyz,
öňem gelip, aýdyp gören mysaly,
meger şondan dymýar iller akylly,
bilmeýäni oýnan bolup, görýänin
görmezlige salyp geçýär jahandan,
pany diýip, diýip kim galjak munda,
eger olar bilmesedi kyndygyn,
agyrdygyn hakykaty aýtmagyň,
aýdardylar gezek bermän, öňürdip,
tapylardy şeýle bir kän akylly,
dünýe bordy durşy bilen hüňürdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025