Turmajak millet
Sen oglansyň, düşünmersiň,
näme diýip biler iller,
näme aýdyp biler iller,
ýa gerekmi aýdanlary,
ýarajakmy deregiňe,
sen bilmersiň kim sen asla,
nirelerden näme üçin,
nädip geldiň, barýaň nirä,
düşünýärmiň geregiňe,
gerek däle ýola çykman,
bu kem-kemden belli bolar,
aýdar biri kimdigiňi,
beýlekisi nämedigiň,
göni ýa-da gytaklaýyn,
diýip, diýmän ýüzüňe, sen
eşidersiň, getirerler,
düwünçege düwüp, düwmän,
sen bilmersiň başda haýsy
gep-gürrüňe ynanjagyň,
ýöne açar iller syryn,
geýjek bolsaň akja köýnek,
ýa ütükli balajygyň,
aýakgabyň tämiz saklap,
gitjek bolsaň ýola çykyp,
bagyşlamaz seni dogan,
garyndaşyň duşman bolar,
adyň çyksa, aýtsaň açyk,
etjek bolsaň başgarak iş,
pygamber dek, Mekgä gaçyp,
gitmeli bor başyň alyp,
gaty görüp, görüp ýuwaş,
tanarsyň sen adamlary,
tanarsyň sen özüňi-de,
belki, şudur iň wajyby,
iň esasy diniň seniň,
sen özüňi tana ilki,
soňra tana duşmanlaryň,
kine saklap kiçi ilden,
duşman bolma özüňe hiç,
ýesir düşme ýaragsyza,
aty alnan pyýada kän,
emma bolsa tutjak, atjak,
sen oglan däl, düşünersiň,
ýok, turjak däl, bu il ýatjak...