
Sen özüňi taşlama
Sen özüňi taşlama,
taşlan ýaly könelen
aýakgabyň, penjegiň,
ýa köýnegiň, göwşüllän,
kän ýuwulyp geýilen,
göwni diýip illeriň,
ýüzlerine gelmän hiç,
gaty görerler diýip,
näme diýse diýdirip,
näme etse etdirip,
sen özüňi taşlama,
goýup gitme köçede,
gerek entek diýseler,
toýa gelen garyp dek,
seretmäge gazana,
ojak odun kem etmän,
peseletme sen öz-özüň
özün senden ýokarda
goýýanlary güldürip,
gerek ýerim bolsa bes,
ulansynlar diýmeseň,
iň bolmanda diňleýji,
baş atyjy hökmünde,
hassa köplük keýpine,
bejermeýän özüni,
başga gülüp, gomalyp,
dermen bolma mugt, gowy,
gadyr bilmez näsaga,
özün taşlan, çöp ýaly,
subut etme bilýänin,
görýänini görkezme,
goý, oýnasyn oýnuny,
ýöne bolma aşygy,
ýa edinme aşyk ony,
öz emelin ulanyp,
özüne goý galanyn.