Arzan sapak

Ilki uzak pikir etdim,
dynyp bilmän, bir halta daş
daşan ýaly arkam bilen,
ýurt içinde, ýurt daşşynda
aslyşanlar sagdan, soldan,
ownuk-uşak pikirdeşler,
gürleşenler, birleşenler,
zyýan edýär diýip agyr,
uzak gije ýatyp bilmän,
neden durmuş boldy jebir,
näme etdim ile diýip,
bu ne soňsuz hile diýip,
pirim diýip öňümdäki,
peslik, bolan bolýan beýik,
soň düşündim hemmejesi
sapak berýän eken arzan,
gymmat ýaly görnen ilki,
ilden aýlyk az alaňda,
köseneňde köpük sanap,
gizläp gaýgyň çagalaňdan,
açyk galan ýaraň ganap,
professor eken bary,
kömek eden gysyp, ýanap,
wagt ýitirip öz ömründen,
sag bol diýýän indi günde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025