Surat

Bilinýän durmuş

Erih Maria Remarkyň äheňinde

Edil häzir bir ýerlerde,
tüpeňliler tüpeňlerin atýarlar,
o tarapda, bu tarapda,
kim ýaragly, kim ýaragsyz,
bellisi ýok, kim günäkär,
gaçanlary eýdip-beýdip,
daşyn gabap tutýarlar,
köplük olar, bir, iki däl,
maşyn, motor gurat, täze,
soň getirip, türmä salyp,
urup, ýenjip gynaýarlar,
öldürýärler käbirini,
aýagasty edip, eziz,
doýup bolmaz ýaşaýyşy,
sen bilýärsiň hemmejesin,
göz öňüňde sorag berýän,
ilki biri, soň ikinji,
indi gaýdyp bilet alma,
döwlet bolsak, bolmaz beýle,
giden gidip, gelen gelip,
barsagelmez gerekmi ýa,
öňem aýtdyk muny saňa,
gara basyp, çykýaň daňa...

Edil häzir bir ýerlerde,
kowup tutup, sorag edip,
gynaýarlar birlerini,
ilki bogup, demin bermän,
soňra urup, depip gaty,
çagasy bar, aýaly bar,
ýa adamsy, gözi ýolda,
bir naçary horlaýarlar,
döwlet bolup zorlaýarlar,
sen bilýärsiň hemmejesin,
emma turup, gitmeýärsiň,
ýarag alyp, atmaýarsyň,
aýtmaýarsyň bilýänleriň,
çünki bilýäň, durmuş şeýle,
wagty gelmän zalymlaryň
güni aňsat bolmaz öýle...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025