Surat

Hyzmat etme zalyma

Edebiýat adyndan,
ýa adyndan sungatyň,
hyzmat etme zalyma,
tasa getirjek bolma
tasa gelmez işlerin,
aýdym aýtma, tans etme,
goşgy ýazma ýylgyryp,
aglaýarka milletiň,
agzyn tutup içiňde
öňki, gowy oglanyň,
has arassa, has tämiz,
şäherleşip bilmedik,
birçak gelen bolsa-da,
hakykatda gelmedik,
galan öňki obada,
saýlap alma ölmegi
piriň kädä gabadyp...

Öwrenişme ýalana,
öwrenişme talaňa,
kada ýaly durmuşda,
adat etme mesligi,
iýip-içip pes bilen,
ol yzyňda, obada
aglaýarka çagalar,
aglaýarka aýallar,
aglaýarka erkekler,
suwy gaýgy içmäge,
ýoly gaýgy geçmäge,
ýagyş ýagsa, gar ýagsa,
ýa jöwzaly tomusda,
edebiýat adyndan,
ýa adyndan sungatyň,
hyzmat etme zuluma,
gulluk etme süteme,
halka garşy edilýän,
ýol ýapylsa, gidilýän,
bu sebäp däl, bahana,
tegmil bolma obaňa,
ýagtylyk bol jahana!

Dogry, günüň görmeli,
il galdyrmaz ýykylsaň,
millet ýesir, düşünmez
turaly, ýör, gel diýseň,
göreş, hakyň al diýseň,
her hal, diýmek dogry däl,
dymýar ahyr hemmeler,
gözüň açsaň görýärsiň,
iki, ýeke, näme diý,
aýtjak bolýan bar sözün,
türme, ölüm bolsa-da,
maýyp bolup galsa-da...

Edebiýat adyndan,
ýa adyndan sungatyň
hyzmat etme jellada,
heläk etme özüňi,
eliň, aýagyň daňyp,
diri wagtyň nan üçin,
bir geçegçi, san üçin,
gel yzyňa, jan üçin,
bir özüň däl galmaly,
hasap bardyr gan üçin,
bolma şärik şer işe,
şahyr bolma, arakhor,
erteki gün dostlaryň,
mazaryňa gelseler,
alyp gelmesin çüýşe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025