Ýazgyt pelsepesi
Sen der döküp ýaranmarsyň,
gije-gündiz, çörek üçin,
döwüm nanyň gazansaň bes,
ýaranmarsyň salgyt töläp,
bozman köçe düzgünin hem,
geçip diňe geçelgeden,
tütjar baýlar sürse döwran,
salgydyny tölemeýän,
güler saňa döwlet, nätsin,
alajy ýok, ýesir ärler,
agzyň açsaň, ýa basmaçy,
ýa başga zat ýasap derrew,
ýok ederler, demiň alma,
ýylgyr käte kemsitseler,
ýa gündelik, ykbalym diý,
okamadym, diý kysmatym,
peýdasy ýok aglanyň soň,
düşseň, galsaň, ölýär atyň.