Meniň jenaýatym

"...I committed only one — poetry." Galal El-Behairy

Meniň günäm diňe goşgy,
diňe şygyr diýip bilmen,
gyzdym, kyssa ýazdym agyr,
gussaly ol çenden, çakdan,
ýaş başymdan bolup ýagyr,
köşk içinde, howa ýetmän,
zoraýakdan gülen bolup,
KGB-niň türmesinde
aldadym men özümi soň,
gowy bolar, gowy bolar,
geler gowy günler diýip,
ýazdym, galam çydamady,
çydamady ak kagyzlar,
gadaganam bolsa maňa
gazet, žurnal sahypasy,
ilki alty, ýedi kitap,
soň on kitap boldy olar,
sanamagy goýdum soňra,
biri diýdi çykarsaň-da,
daşyn zerläp, okajak ýok,
aljagam ýok sowgat berseň,
doglan günde, beýlekide,
belki, güljek iliň saňa,
çünki kitap ýigrenilýär,
ol il indi öňki il däl,
düýe beren bir kitaba,
köneleriň soňy gelýär,
a täzeler dogulmaýar,
aralyk bar, gürleşmek kyn,
bir söz diýseň, bolýaň haýýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025