Gowy bolsaň
Gowulygyň ýarag edip,
ýa döşüňden, ýa arkaňdan
urmankalar saklan, seret,
ýagşylardan at galsa-da,
set galsa-da ýamanlardan,
diňe gorkar erbetden il,
rehimsiz, ikiýüzli,
ýowuz bolsaň, bolsaň sowuk,
sylar millet, hormatyň bar,
gowy bolsaň, saýar samsyk,
ýa paýlaşsaň soňky nanyň,
görmez hiç kim döken ganyň,
ýa äbermez sargy, pylan,
a käbiri, ümsüm bolsaň,
hol beýleden diýer ýylan,
şahalary döwler her ýyl,
taýak iýer barly baglar,
gowy bolsaň, döwlet hem il,
bile urup, gülüp aglar.