Ýalan watançy

Özi uruşmaýan adam,
uruşmaýan doganlary,
uruşmaly uruşlarda,
duruşmaýan durmalyda,
ogul-gyzy ýarag berlip,
sürülmeýän ok öňüne,
edip biler her gykylyk,
bolup biler watançy-da,
gargap ganym duşmanlara,
ýurt goraýan esgerleri
öwüp biler ýerde goýman,
bu hemişe şeýle, ýöne
käte urşup, maýyp bolup,
gelenler-de ejizleýär,
oýna girýär, jäjeklerin
döşe dakyp, aýtman çynyn,
aýt diýlenin aýdýar diňe,
sebäbi ol ýeňen däl-de,
ýeňlen esger hakykatda,
ölen, ýiten dostlaryny
satan esger, özi galsa
kaýyl bolup, maýyl bolup,
iki agyz ýyly söze,
aýtmaz gören görgülerin,
gerekdigin kime urşuň,
özi uruşmaýan adam,
bilmez näme, gyzgyn gurşun
giren ýerin niçik ýakýar,
hakykatda ýurdy ýalan
watançylar içden ýykýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025