Soňky hakykat
Ol dirikä onuň bilen
seniň gybatyňy eden,
ol ölende, öwlüýäden
çykman başlar seniň bilen
o pahyryň gybatyna,
gutarmaz hiç aýdyp, diýip,
saňa diýen zatlaryny,
biri-birisinden beter,
çynmy, ýalan, Alla bilsin,
öz-özüňden edýäň heder,
şeýlemikäm, bende asy,
dolanasyň gelýär yza,
mazarlyga assa basyp,
gybatçyny salyp öňe,
ýaňy kepil geçip ýere,
gowudyr, al diýip gaýdan,
öňki dostuň, öňki kärdeş,
oňarjak dek ýüzleşmegi,
ýa-da durup başujynda
aýdan sözüň eşitjek dek,
ölen azat, bigünä ol,
sen yzynda asy, tentek.