Samsyk kynçylygy

Samsyk bilen sanaşma
diýýän kän-de, eýerýän
azlyk gadym öwüde,
sebäbi sen bilmeli
kim akylly ozaly,
ýa kim samsyk özüňden,
ile gürrüň bolmankaň,
deň bolmankaň öňýeten
akmak bilen obada,
ýa düşmänkäň has aşak,
ýöne muny bilmek kyn,
tanamak kyn özüňi,
adamlary, köp ýüzli,
gürleşmeseň, görmeseň,
açyk kitap däl bary,
ýary köýen dek ary,
ýöne tanap, göreňsoň
gizläp goýan daşlaryn,
ýigrenjini ýürekde,
suwsuz köle tor taşlap,
tutan ýaly aždarha,
hopugýarsyň, gaçmaga
ysgyn galman aýakda,
giç bolýar soň küregi
samsyk alsa gaýykda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025