Surat

Sen urşuny alma başgaň

Kapasasyn bezäp içden,
uruşmaly urşun goýup,
başga birniň urşy ýaly,
bagtly bolýan millet bagtly,
hakykatdan, düşünmese,
okap, ýazyp ony, muny
düşündirjek bolsaň gülse,
samsyk etse seni, dogry,
samsyklygyň boýnuňa al,
goý oň urşun özüne sen,
geçiňi al, goýnuňy al,
berme arzan guzularyň,
ýa mugtuna, aglap gelse,
tokly çykjak ertir baksaň,
suwa ýaksaň wagtly-wagty,
aňyrsy aç berenleriň
iýer, ýene ber-dä diýer,
diýer saňa islän sözün,
kapasasyn bezäp içden,
ýaşaýana gynanma sen,
sökme onuň gözenegin,
derwezesin, demir, haýbat,
haýat bolan beýik, nepis,
guran bolsa özi elin,
ýene gurar, döwen, zyňan
demirleriň çöpläp gelip,
kapasasy içden gelen
ile kömek etjek bolsaň,
boýnuňa al, urar olar,
türmä basyp, öldürjek bor,
ýok etjek bor adyň, soruň,
o bolmasa, söger daşdan,
sen söweşin alma başgaň,
ýa utanma, ýeňlip gaçsaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025