Gäbi azan
O gün birin diňledim,
gelmese-de diňläsim,
professor ady bar,
top-tüpeňli milletden,
basyp alan kän ýeri,
gürlejek däl diýdi ol
edýän pikirim hakda,
diýdi ýene ertirlik
iýesim gelýär ertir,
ýöne durup bilmedi,
aýtdy käbir zatlary,
sorag berdi jogapsyz
galjagyny bilse-de,
diktatura döwründe,
namart uruş barýarka,
gürrüň edýäs nämäni,
o nähili sermaýa,
o nähili klimat,
dälmi bu gep bimany?..
Ýazypdyr soň birisi:
Bir sözüne ynanmaň,
elmydama ses berýär
harbylaryň puluna,
goldap gelýär hemişe
kanunlary, basmaly,
ýer almaly diýseler....
Adam käte diňleýär,
ýa okaýar, sebäbi
mydam adam gözleýär,
ýa halys azan gäbi...