Halk haýaty

Halk özüni öldürýäne gül berýär,
çemen berýär, dyza çöküp köşgünde,
pul berýär ol bogýanlara ýalbaryp,
her köçede, her içitde, geçitde,
geçmeli däl, ýok, bolanok diýseler,
'Näme üçin?' diýip, soramaýar ol,
öz ýoluny, hakyn goramaýar ol,
ilki gowy, düzüwini goldaman,
arkasynda durup bilmän özüniň,
ýeke-ýeke aldyransoň elinden,
gorajagy, başyn goýup durjagy
arzan satyp, bolup birçak keseki,
öz-özüne düşünmeýän jemagat,
öz sözüne düşünmeýän jemagat,
ynanmaýan hiç hudaýa, ýalançy,
halk özüni ýok edýäne ýalbarýar,
rehim et, geçir diýýär köçeden,
maşynym ak, gara däl-ä, jan agam,
ýok, ýüregiň gara diýýär hökümet,
diýýär ile ak ýürekden toba et,
türmä salyp ýüzlerçe müň her ýylda,
halk özüni öldürýäne pul berýär,
sebäbi ol toba, tabynlyk haty,
halkyň özi öz ýolunda garakçy,
durýar gaçman gorap basjak haýaty.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025