Surat

Il hakykaty

Il arzaçy diýýärdi,
ýa diýýärdi kanunçy,
hakyn soran adama,
iki-ýeke obada,
ýa şäherde, dil açyp,
aýdyp bilýän sözüni
ýok edildi kem-kemden,
ýa ýolda ýitdi gaçyp...

Yzy boldy has erbet,
düzüp bilýän sözlemi,
eýe, habar ýerinde,
žurnalist hem gyt boldy,
il ýigrendi okany,
satyn alman diplomyn,
çünki oňa gerek däl
işin bilýän adamlar,
ýa sylaýan kanuny,
agyrtsa-da gerekli,
gerek halka aldaýan,
derman berýän bejermän,
agyryny aýyrýan,
aýtman derdiň sebäbin,
gerek ile il ogly,
ýa il gyzy, çynçy däl,
para alýan her ýerde,
şonuň üçin oturan
ýeri çukur, beýik däl,
ýaşamaly çekinip,
ne ýeri bar, ne suwy,
ne ekleýär ekini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025