Hudaý oýny

Saňa hüjüm eden özün ýaralap,
öz ýüzün garalap ölmejek ýaly,
biri-birin goldan süri hiç haçan
öz-özün aşyk dek sülmejek ýaly,
görjek ýaly ýaşaýarsyň olaryň
ahyr kelle ýalaňaçlap duranyn,
adalat öňünde, arwzuwyň bolan,
emma ölýär olar ýeke-ýekeden,
hudaý bolup oýnan, şa bolup oýnan,
ýüzüklerin goýup gidýär yzynda,
oňa başyn egip, ýumuşlaryny
‘ý’ diýmänkä bilip, bitiren gidýär,
bu adalat bolmasa-da seň üçin,
soň görýärsiň göýä kinoň yzyny,
türmelerden geçip, sürgünden geçip,
dyrjaşýarkaň seni ulanan ölýär,
odun edip ýylamadyk pejinde,
ýylamajak, çünki, maşgalasy ýok,
sowuk öýde sowuk aýaly bilen,
sowuk äri bilen, çagalar bilen,
bir-birine dogan bolup bilmejek,
ýaşan adam, ýaşan bolan pikirdeş,
saňa emel salyp, hakyňy iýip,
ölýär, galýar yzda çaga-çugasy,
atasyny tanamadyk hiç haçan,
enesini tanamadyk hiç haçan,
daşdan görüp, ýaşasa-da ýakynda,
ynanyp olaryň ýalan ömrüne,
gaýtalaýan ýalňyşlaryn, aslyşyp,
aslyşmasyz adamlaryň aýagyn,
elin döwjek bolup, dilin uzadyp,
sen ilki kän wagtyň bolman, düşünmän,
nämeler bolanyn biljek bolýarsyň,
soň gülýärsiň, bu dowamy wezipäň,
sen gitmeli öz ýoluňdan gyşarman,
düşünen düşüner, düşünmedikler,
seň işiň däl, bolar özüne arman,
ýa ýalňyş düşünen, başga mesele,
jogap ber çagyrsa görünmän, barman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025