Surat

Sen özüňi özüňe goý

Sen o biri, bu birleri,
ýa illeriň görmekleri,
tanamagy üçin seni,
bu pylany diýmekleri,
pylan ýerde işledi kän,
ýa bermegi üçin baha
işleriňe gutarmadyk,
düşünýän dek maksadyňa,
belet ýaly aňyrlardan,
gürlemegi üçin iliň,
akyl satyp akylsyzka,
gelmeýärsiň bu jahana,
kän görünme, başarsaň gaç,
uzakda dur mähelleden,
öz-özüni tanamaýan,
ýa görünjek bolýan mydam,
ýa tanaljak bolýan hökman,
uly ýaly, kiçi halda
gykylyklap, manysyz, boş
gürrüň edýän gutarman, daş,
uzak ýere el uzadyp,
her sözünde, sözleminde
näme açýanyny bilmän,
haýsy poluň jaýrygyndan
aşak gaçýanyny bilmän,
sen özüňi özüňe goý,
eliň tersi bilen sülmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025