Owadan kömür

Öz ömrüni her kimiň
isledikçe şemala,
ýa-da ýele has güýçli,
sowurmaga haky bar,
diňläp islän gürrüňin,
ýa diňlemän hiç zady,
ýeter özi özüne,
ýagy ýetse özüni,
uly, kiçi gazanda,
käşir, soganyn kemmän,
gowurmaga haky bar,
ýa gapdalda birine,
sajy bolsa, bolmasa,
ody güýçli ýa gowşak,
gowy görýän kakmajy,
pulun alyp ýa alman,
me, al diýip, eçilip,
gowşurmaga haky bar,
duşman göwnün şat edip,
dost göwnüni mat edip,
dogan-gardaş, ildeşiň
haky bardyr özlerin
näçe söýse, söýmese,
ýa ýaşasa nähili,
özüniňki, seňki däl,
başga berlen ömür ol,
ynanmasaň bar, sora,
gemre bolan dar ýerde,
ursaň, çapsaň, bölünmez,
demir bolsaň, demir ol,
diýmez ýandym, garaldym,
Güne çyksa, seretseň,
iň owadan kömür ol...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025