Resmi däl şert

Kabul eder ýaly köplük,
ýa ýigrenmez ýaly gaty,
ar almazlar ýaly üýşüp,
okan, bilýän zatlaryňy
gürrüň berme, bolma artyk,
görkezme sen akyl-huşuň,
ýa-da edep, terbiýäňi,
garaşýan az muňa senden,
özleri dek äsgermeýän,
ýigrenji bol ula, kiçä,
kämil bolma, bikemal bol,
içseler iç, çekseler çek,
batga görseň, çökseler çök,
läbik, gara bolsa bolsun,
ýüzüňi ýuw soň çalarak,
ýöne hökman çyrşak galsyn,
tämiz geýme eşikleriň,
sylag-hormat etme kimsä,
iki ýüzli, üç ýüzli bol,
gül gülseler ýykylana,
dep depseler depileni,
şonda biri borsuň iliň,
kabul eder köplük seni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025