Milli kynçylyk
Ýok, ikisi birden bolmaýar munuň,
ýa sen ýalan sözlemeli, gülmeli,
el çarpmaly, tans etmeli, talaňa
şärik bolup iň ýokardan aşaga,
bildirmeli guwanjyňy her ýerde,
aç halyňa, gymmat düşen meslige
açyk aýdyp begenjiňi her ýerde,
beýik diýip gygyrmaly peslige,
ýa-da ýüzüň çytyk, gaharly, ýalan
ýykýar bizi, galdyrmaýar diýmeli,
hem diýmeli çörek ýok bolsa çörek,
çagalar aç, bize erkinlik gerek,
işläsimiz gelýär özümiz üçin,
el çarpmaga gelmedik biz jahana,
ýok, ikisi birden bolmaýar munuň,
ýa sebäp bar, ýa bar diňe bahana.