
Döwlet senden gul ýasasa
Eger döwlet saňa başyň
dik tutmagy öwretmese,
döwlet däl ol, duşmanyňdyr,
öwretse ol ýüzüň aşak
sallamagy, müýnli ýaly,
öwretmese öwrenmegi,
gürleşmegi adam bilen
adam ýaly, bolman haly,
ýa-da palas aýagyna,
döwlet gorkak bolsa diňe
daýanjak bor taýagyna.
Döwlet saňa öwretmese
güýçlenmegi günbe-günden,
döwlet däldir, duşmanyňdyr,
dostuňdyr ol okatsa kän,
gözüň açsa, görer ýaly,
hünär berse elleriňe,
gulp urmasa dilleriňe,
sorap bilmez ýaly sorag,
taýýar etse, ýetişdirse,
gorap biler ýaly özüň,
mätäç bolman döwlete-de,
bu döwlet bor öz adyna,
kanunyna hormat goýýan,
ýok, ol senden gul ýasasa,
aç, hor galjak, boljak mätäç
sag bolsa-da on bir synaň,
kelläň bolmaz geýmäge täç.