Ömür söwdasy

Abat syna berýär taňry,
göz, gaş berýär, gulak berýär,
soň dil berýär, gürlemeli,
ýöremeli ýörjen-ýörjen,
emedekläp galmaly däl,
igli, göýdük ogul bolup,
ýa gyz bolup kemsidilýän,
eneň, ataň lal bolmasa,
bolmasa ker, bolmasa kör,
galmaly sen öz dyzyňa,
öňe, öňe, diňe öňe,
garamak ýok hiç yzyňa!

Halasgär ýok seniň üçin,
ol ülkeden geljek, aljak
çäresinden çäresiziň,
okamaly, bilmeli sen,
bilemäg-ä diýmän gülüp,
okamak däl diplom almak,
gaty kagyz, paraň haky,
sen görmeli adamlary,
diňlemeli sözlerini,
diýýär näme, edýär näme,
jennet wada berip saňa,
kör saklajak bolsa agaň,
ker saklajak bolsa agaň,
lal saklajak bolsa agaň,
mekdepleri okanyň däl,
geldi-geçer jaýy edip,
bu tötänden bolýan däldir,
žurnalistler öwrenmese
abat sözlem düzmek näme,
magtap diňe birlerini,
ýöne ýere ýok etmezler
iliň şahyr, pirlerini...

Ene bolup, ata bolup,
bolup aga ýa-da ini,
kim görmedik bolsa muny,
şärigidir türmeleri
hyryn-dykyn doly hanyň,
saýla özüň, bilýär hemme,
nämä berseň, bu öz janyň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025