Soňky müýn

Duşman ölýär, dost ýogalýar,
bir-ikiden, töweregiň
ýuwaş-ýuwaş boşap galýar,
bir gün gelip dostuň dosty,
ýa-da duşup ýolaýrytda,
ýas ýerinde başga bendäň,
onuň bilen bile eden,
gybatlaryn, onuňky dek,
aýdyp berýär, utanýarsyň,
diýýärsiň ol bilýär ahyr
meniň beýle däldigimi,
gowudygyn ýüregimiň,
soň birhili, aklap özüň,
günäň boýun alan ýaly,
ruhunyň öňünde oň
bolýaň müýnli galan ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025