Edep borjy

Adam hasap etmeýäni
adam hasap etmek borjuň
ýa wezipäň bolanda kyn,
işiň bolsa, aýlyk alsaň,
çydamaly bolýar uzak,
üstesine bu bir hile
ýa-da bolup biler duzak,
ýöne ýene bir mesele,
sen deňine düşmeli däl
her öňýeten kineliniň,
ýa gedemiň, ýelden dolan,
bermeli däl özüňdäki
gowulygy, artyklygy,
arzan, geçmez haryt ýaly,
ene-atasyndan akyl
ýa-da edep almadyga,
aşak düşme seniň üçin
bir basgançak galmadyga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025