Gargama
Düşünýärin, durmuş agyr,
söweşi bar her bendäniň,
bir, iki däl, ýüzläp, belki,
alyp barýan oýda galyp,
depä çykan ownuk sürä,
azanlara garşy, soňsuz,
okuw, işi ýarag eden
döwlet äri güýçli örän,
ýeňlen oňa kömek edýär,
kömek edýär öňki häkim,
ministrler, beýnisiz, boş,
şu sebäpden ýol bolýar daş,
trawmasy ýetik hemmäň,
sallançakdan tabyda çen,
bardyr meniň günäm, bilýän,
ýöne awyň pürkme,
ýa jabjynma, el bermesem,
galdyrmasam ýykylaňda,
ýa-da maşyn äbermesem,
doldurmasam öýüň goşdan,
ýa jaý salyp, eklemesem
maşgalaňy, özüm goýup,
hol gyrada, garaş diýip,
gargama sen yzdan, dogan,
ýa keseki, ýat illerde
ildeş bolan bolýan maňa,
ýöne aýdyp biljek açyk,
gowy düşünýärin saňa.