Mantyksyz mantyk

Basyp alan iliň dili
söze baý hem owadan bor,
täsirli bor, mantykly bor,
jedir-jedir gürlär güýçli,
çagalary ähli ýerde,
arkasynda top-tüpeňi,
uçarlary ot sowurýan,
Garagumda gyran seni,
basyp alnan susar, busar,
jeňňelde däl, öz içinde,
egni aşak, ýüzi asyk,
ýylyran bor ýalan, müýnli,
çagalaryn berer onuň
mekdebine, dil öwrensin,
meniň ýal lal bolmasyn,
dilli bolup, dilsiz ýaly,
arzuw eder basyp alnan,
ýyllar geçer, jedir-jedir,
gürlär onuň çagalary
başga dilde, öz dili dek,
ýat, keseki şahyrlary,
ýazyjyny, milletparaz,
ýaragly ýa galam bilen,
urşa giden ýer almaga,
ýurt almaga, gyryp ili,
beýik diýip okar düýnki
basmaçynyň agtyklary,
ýygnaklarda jedir-jedir,
gürlär ýadyň dilin bilip,
ýolun bilip, özün aldap,
basyp alan güler içden,
daşdan güler, basyp alnan
görer, ýöne görmedik bor,
ömrün berer duşmanyna,
soň giç bolar, bermedik bor.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025