Akmagyň akyly

Akmak sürer mydam döwran,
akyl oňa bolar haýran,
bu garybyň sözi, belki,
ýer almadyk, ýerde galmaz,
bu näme üçin beýle bolýar,
akyl almaz, mantyk almaz,
pikir eder akly bolan,
pikir edip bilýän biraz,
okar tapan kitaplaryn,
kino görer, düşünjek bor,
akmak beýle pikir etmez,
okap ýörmez ähli zady,
ne kinodan, ne oýundan
gözlär akmak many, mazmun,
kän düşünjek bolmaz dünýä,
ýat tutar ol bäş-on sany
gerek sözi, jümleleri,
başyn atar baş atmaly,
ýylgyrmaly ýerlerinde,
sorag bermez, berse gerek,
garaşylýan sorag berer,
halanmajak sorag bermez,
diýen edip, etjegini
eder akmak, sylap hany,
akmak sürer mydam döwran,
akyllynyň ýanar jany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025